Hin­dis­tan dün­ýä­de krip­to­wal­ýu­ta ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça ikin­ji or­ny eýe­läp, ola­ryň 15 mil­li­on­dan gow­rak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Bu ba­ra­da yl­my-bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy «Fin­der» mä­lim ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, krip­to­wal­ýu­ta ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça Hin­dis­tan Wýet­nam­dan soň ikin­ji ýer­de dur­ýar. Ýurt bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça In­do­ne­zi­ýa bi­len dün­ýä­de ikin­ji or­ny paý­laş­ýar, Ma­laý­zi­ýa we Fi­lip­pin­ler bi­len bir ha­tar­da iň uly bit­ko­in pa­ýy bo­lan ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär.
Bar­lag­lar­da 15 mil­li­on­dan gow­rak hin­di­niň hu­su­sy krip­to­wal­ýu­ta hol­din­gi­ne ma­ýa go­ýan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Ýurt­da­ky krip­to­wal­ýu­ta ma­ýa go­ýum­la­ry 2020-nji ýy­lyň ap­re­lin­de 923 mil­li­on dol­lar­dan 2021-nji ýy­lyň maý aýy­na çen­li 6,6 mil­liard dol­la­ra çen­li ýo­kar­lan­dy. Ösüş, tak­my­nan, 400%.
Hin­dis­ta­nyň Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­ti äti­ýaç­lyk ban­ky­nyň (Mer­ke­zi ban­kyň) krip­to­wal­ýu­ta amal­la­ry­na gi­ri­zi­len ga­da­gan­çy­ly­gy ýa­ty­ran­dan soň, ýurt­da bö­lek­le­ýin ma­ýa go­ýu­jy­la­ryň sa­ny has-da art­dy. Ban­ga­lor­da ýer­leş­ýän esa­sy krip­to­wal­ýu­ta plat­for­ma­sy «CoinsS­witch Ku­ber», 2020-nji ýy­lyň iýun aýyn­dan bä­ri 8 mil­lio­na go­laý ula­ny­ja hyz­mat et­di.
Hin­dis­tan­da­ky ki­çi şä­her­çe­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry krip­to­wal­ýu­ta amal­la­ry­na has iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şo­la­ryň ha­sa­by­na «CoinsS­witch Ku­ber» prog­ram­ma­sy­ny ula­ny­jy­la­ryň sa­ny 2020-nji ýy­lyň iýun aýyn­dan 2021-nji ýy­lyň iýun aýy­na çen­li 2 000% art­dy. Öňü­miz­dä­ki bäş ýy­lyň do­wa­myn­da Hin­dis­tan ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň san­ly gör­nü­şe geç­me­gi­ne ýar­dam ber­jek blok­çeýn teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­mak­da dün­ýä li­der­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip bi­ler.