Koreýa Respublikasynda Aý barlaglaryna niýetlenen ilkinji kosmos gämisiniň gurluşygy oktýabr aýynda tamamlanar. Bu barada ýurduň Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrligi habar berdi. Uçuryş 2022-nji ýylyň awgust aýynda meýilleşdirilýär. Orbital enjamda ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) takyklygy ýokary bolan kamerasy oturdylar. Onuň ýardamy bilen ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Artemis» programmasyny goldamak üçin ýylyň dowamynda Aýyň üstündäki maglumatlar toplanar.
2019-njy ýylyň ýazynda NASA üç tapgyrdan ybarat «Artemis» Aý programmasynyň taslamasyny yglan etdi. Olaryň birinjisi, «Space Launch System» (SLS) raketasyna berkidilen «Orion» kosmos gämisiniň Aýyň daşyndan pilotsyz uçuşyny we onuň Ýere gaýdyp gelmegini öz içine alýar. Ikinji tapgyr bolsa, bortdaky ekipaž bilen Ýeriň tebigy hemrasynyň töweregindäki uçuşdyr. NASA bu missiýanyň üçünji tapgyrynda 2024-nji ýylda astronawtlaryň Aýda gonmagyna we 2030-njy ýyllaryň ortalarynda, olary Marsa ugratmaga bil baglaýar. Koreýa Respublikasy 2021-nji ýylyň maý aýynda degişli ylalaşyga gol çekip, «Artemis» maksatnamasynyň 11-nji agzasy boldy.