Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow «Žogorku Keňeş»-iň (Parlament) deputatlaryny saýlamak baradaky Karara gol çekdi. Bu Kararda şu ýylyň 28-nji noýabrynda täze çagyryşyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigi bellenilýär. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, «Žogorku Keňeş» 90 deputatdan ybarat bolup, 5 ýyl möhlete saýlanýar. Şu ýylyň 27-nji awgustynda Parlamentiň deputatlaryny saýlamagyň täze düzgünini göz öňünde tutýan saýlawlar baradaky kanun güýje girdi.