Iýul aýynda Hytaýda ýygnalan awtoulaglaryň eksportynyň umumy mukdary 174 müňe deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 180% köpdür. Şeýle-de, eksportyň umumy mukdarynyň 31,5 göterimi alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglara düşdi. Ýanwar aýynyň başyndan iýul aýynyň ahyryna çenli Hytaý daşary ýurt bazarlarynda 1 000 000-dan gowrak awtoulag satdy. Ýyllyk ösüş depgini 120%. Şu ýylyň 7 aýynda Hytaýda satuwyň umumy mukdary 19,3% ýokarlandy. Jemi görkeziji 14 760 000 ulaga deň.