Hindistanyň maliýe ministri Nirmala Sitharaman şu ýylyň iýul aýynda ýurduň pul ätiýaçlyklarynyň 620 milliard dollara çenli ýokarlanandygyny mälim etdi. – Geçen ýyl we şu ýyl Hindistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy artdy. Görkezijiler ykdysadyýetiň ösýändigini subut edýär. Polat pudagy we beýleki esasy pudaklaryň ýolbaşçylary ösüşiň ilerleýändigini belleýärler. Infrastruktura maýa goýumlary Hindistanyň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi – diýip, maliýe ministri aýtdy.