Hindistanyň Penjab ştatynyň Merkezi uniwersitetiniň alymlary saýawan şekilli suwoty tapdylar. Aslynda bu ösümlik 2019-njy ýylda ýüze çykaryldy. Ummanlardaky janly-jandarlary öwrenýän alymlar Andaman adalarynyň töwereginde merjen riflerini öwrenýän wagty täsin ösümlige duşupdyrlar. Ösümligi düýpli öwrenmek, ony beýlekilerden tapawutlandyrmak we at dakmak iki ýyla çekipdir. Netijede, suwotynyň mundan ozal ylym dünýäsine mälim bolmadyk görnüşdigi anyklanypdyr. Oňa «Acetabularia jalakanyakae» diýip at goýupdyrlar. Sanskrit dilinde «jalakanyakae» suw perisi diýmegi aňladýar. Ylmy toparyň ýolbaşçysy Feliks Bast ösümligiň owadan şekiliniň bardygyny, onuň edil suw perisiniň saýawanyny ýatladýandygyny aýdyp, şeýle ady goýmagy makul bilendiklerini belleýär. Andaman adalary Hindi ummanynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, baý tebigaty bilen tapawutlanýar. Adanyň töweregindäki merjen rifleri baý janly tebigaty özünde jemleýär. Alymlar bu ýerden ýene-de täze janly-jandarlaryň we ösümlikleriň tapyljakdygyny belleýärler.