ABŞ-ly alymlaryň geçiren ylmy-barlagy agyz-burun örtükleriniň howa arkaly ýokuşýan dürli keselleriň, şol sanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni alýandygyny subut etdi. Bangladeşde 340 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlagda örtügiň «Covid-19» ýokanjynyň öňüni almakda täsirlidigi bellenildi. Bu örtükleriň 60 ýaşdan uly adamlarda hem täsirlidigi anyklandy. Bu barlag häzire çenli bu ugurda geçirilen iň giňişleýin ylmy iş hasaplanýar. Ylmy işi ABŞ-nyň Ýel hem-de Stenford uniwersitetleriniň hünärmenleri taýýarlady. Mundan ozal koronawirusyň peýda bolany bäri diňe hassahanalarda we laboratoriýalarda bu ugurda gözleg işleri geçirilipdi.
Ylmy işe gatnaşanlaryň 29 göterimi hemişe örtük dakynýan eken. Hünärmenler örtük dakynylmagynyň has köp peýdasynyň boljakdygyna ünsi çekýärler.
Kaliforniýa uniwersitetinde daşky gurşawyň saglygy babatda iş alyp barýan, ylmy işiň awtordaşy bolan Laura Kwong laboratoriýada amala aşyrylan ylmy işleriň hakyky durmuşda näderejede täsirlidigini görmäge mümkinçilik berýän takyk maglumatlary toplandyklaryny belleýär.