Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işgärleriniň barlagy arassa howanyň ömri uzaldýandygyny ýüze çykardy. Halkara guramanyň maslahatlarynyň çäklerinde global derejede howanyň hapalanmagynyň öňüni almagyň adamlaryň ortaça ömrüni 2,2 ýyl artdyrjakdygy bellenilýär. Çikago uniwersitetiniň taýýarlan maglumatynda BSGG guramasynyň standartlaryna gabat gelýän global üýtgeşme durmuşa geçirilende, Ýer ýüzündäki adamlaryň ählisine oňyn täsir etjekdigi bellenilýär.
Howanyň arassalygyny üpjün etmekde soňky ýyllarda Hytaý uly öňegidişlikler gazandy. Ýurtda köp mukdarda önümçilik kärhanasy bolup, olaryň arassa energiýa bilen üpjün edilmegi çaltlandyryldy. Soňky ýyllarda bu ýurtda howanyň hapalanmagy 29 göterim azaldylypdyr. Bu bolsa, ilatyň ömrüniň 1,5 ýyl artmagyna getiripdir.
BSGG-niň şäherlerdäki howanyň hili barada taýýarlan gözükdiriji maglumatynda howanyň düzüminde diametri 2,5 mikrometrden kiçi bolan bölejikleriň her kub metrde 10 mikrogramdan pes bolmalydygy bellenilýär.
Bu ülňülere ýetilen ýagdaýynda Hindistan, Bangladeş, Nepal we Pakistan ýaly ýurtlarda ortaça ömrüň 5,6 ýyl uzajakdygy aýdylýar.