Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ry­lyp, san­ly ul­ga­myň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­ma­ga ta­rap ynam­ly ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýär we bir­nä­çe döw­let mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul edi­lip, ola­ryň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy bar­ha ber­ki­dil­ýär. Mu­ňa my­sal edip, «Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­syny», Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syny» we «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» gör­kez­mek bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, hyz­mat­la­ry döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la goý­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň güýç­li dep­gin­de ös­me­gin­de bank ul­ga­my­nyň or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Bank ul­ga­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, bu ul­ga­myň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy işe­wür­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, nagt däl ha­sap­la­şyk­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, hyz­mat­la­ryň tä­ze döw­re­bap gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mä­ge, ha­ra­jat­la­ry we wag­ty tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň karz eda­ra­la­ryn­da nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek, pul do­la­ny­şy­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­la­ry on­laýn gör­nü­şin­de ama­la aşyr­mak bi­len bank kart­la­ry ar­ka­ly tö­leg ul­ga­my­nyň ýaý­ra­wy gi­ňel­dil­ýär. Hu­su­san-da, nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ry ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry bank kart­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ila­ta hö­dür­le­ýär­ler. Mu­ňa my­sal edip, «Go­ýum bank kar­ty», «Maş­ga­la» we «Owerd­raft» bank karz kar­ty­ny gör­kez­mek bo­lar.
Hä­zir­ki dö­wür­de nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ban­ky­myz öz müş­de­ri­le­ri­ne tö­leg ter­mi­nal­la­ry ar­ka­ly ha­ryt­lar we hyz­mat­lar üçin ge­çi­ril­ýän nagt däl tö­leg­le­riň möç­be­rin­den 2% «Cash back» hö­wes­len­di­riş hyz­ma­ty­ny gi­riz­di. Bu hyz­ma­tdan peý­da­lan­ýanlaryň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da», «Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak ha­kyn­da» Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da azyk önüm­çi­li­gi­niň bol­çu­ly­gy üp­jün edil­ýär. Amat­ly şert­ler­de ýe­ňil­lik­li karz se­riş­de­le­ri­niň be­ril­me­gi ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny, ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ni, tä­ze iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ni, ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, mer­te­be­si be­lent bol­sun!

Aly­mu­ham­met Çer­ke­zow,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Gün­do­gar» şa­ham­ça­sy­nyň
baş ha­sap­çy­sy­nyň orun­ba­sa­ry.