UEFA iýul aýynyň 11-ine Londondaky Wembley stadionynda Italiýa bilen Angliýanyň ýygyndylarynyň arasynda oýnalan 16-njy Ýewropa çempionatynyň finalyna näçe janköýeriň tomaşa edendigini mälim etdi. Penaltilerden soň Italiýanyň ýeňşi bilen tamamlanan oýna teleýaýlym arkaly 328 million ynsan tomaşa edipdir. Bu görkeji EURO 2016-nyň finalyna tomaşa edenler bilen deňdir. Umumylykda EURO 2020-ä tomaşa edenleriň sany 5,23 milliarda deňdir. Bu bolsa her oýna ortaça 100 milliondan gowrak futbol muşdagy tomaşa edipdir diýmekdir. Yklymyň 11 ýurdunda geçirilen 16-njy Ýewropa çempionaty göni ýaýlymda iň köp tomaşa edilen bäsleşikleriň biri hökmünde hasaba alyndy. Çempionat dünýäniň 229 territoriýasynda 137 telekanal tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. EURO 2020 sosial media ulgamynda-da 7,5 milliard gezek görkezilip, öňki çempionatlardan ep-esli öňe saýlandy.