Perzentlerimize olaryň çagalyk ýyllary barada gürrüň bermek, maşgala agzalarynyň arasyndaky birek-birege bolan söýgini güýçlendirýär. Çünki çagalar, adatça, ýaşaýan döwrüni göz öňüne getirip, pikirlenýärler, emma olar uzak ýa-da ýakyn aralyklardaky ýaşan döwürlerini ýadyna salyp bilmeýärler. Ejesiniň, kakasynyň çagalyk döwürlerinden käbir wakalary olara gürrüň bermegi, çaganyň maşgalasy barada giňişleýin oýlanmagyna we olar hakda oňat duýgulary ýadynda saklamagyna sebäp bolýar. Olara çagalyk döwründen gürrüň bermek, doganlaryň arasynda gabat gelýän gabanjaňlyk duýgularynyň azalmagyna getirýär.
Çaga: “Saňa jigiňden has köp üns berýärdik, köp zat alyp berýärdik” diýilse-de, bu ony kanagatlandyrman biler. Gaýtam, ol jigisine has köp üns berilýändigine ynanyp, ony gabanyp başlar. Ýöne oňa, çagaka eden hereketleriniň aýratynlyklarynyň ýatladylmagy, jigisine berilýän ünsüň özüne-de berlendigi, hatda ondan has köp üns berlendigi barada gürrüň edilmegi, ony begendirer.
Elbetde, bu gürrüňleri çagany belli bir maksat üçin ulanjak bolanymyzda däl-de, eýsem, maşgalanyň içindäki hoşamaý söhbetdeşliklerde orta atsak, has netijeli bolar.
Çagalaryň hyýaly dünýäleri örän giňdir. Olar aýdylýan zatlary derrew hyýallarynda janlandyryp bilýärler. Şonuň üçin olara aýdylýan zatlary aýratynlyklary bilen gürrüň bermelidir. Mysal üçin: “Gyzyl köýnejigiňi geýip emedekläniňde, örän owadan bolýardyň” ýa-da “Nahar iýýän mahalyň eliňdäki oýunjak bilen çemçäni kakdyň. Nahar ikimiziň hem üstümize syçrady. Ikimiz-de gülüşdik” ýaly wakalary ýatlatmak çagaňyzyň göwnünden turar. Gürrüň berýärkäňiz, sesiňizdäki äheňi, ýüz keşbiňizdäki hereketi ünsden düşürmejek boluň.