Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga dolandyryjy Liberal demokratik partiýanyň başlyklygyna dalaşgärlik etmejekdigini mälim etdi. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berýär. Suga bu baradaky kararyny partiýanyň nobatdan daşary ýygnagynda tassyklady.
Partiýanyň başlygynyň saýlawlary sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilýär. Suganyň öz dalaşgärligini öňe sürmekden ýüz öwürmegi, onuň Premýer-ministr wezipesini bes etjekdigini aňladýar.
Geçen ýyl saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden duýdansyz giden Sindzo Abeniň ornuna gelen Ýosihide Suga, sekiz ýyla golaý Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bolup işledi we metbugat wekilleri üçin niýetlenen maslahatlarda hökümetiň syýasatyny düşündirip çykyş etdi.