Golaýda Orta Amerikadaky Salwador Respublikasynyň milli parlamenti “Bitcoin” kriptowalýutasyny milli puly hökmünde kabul edipdi. Onuň yzysüre ýurtda kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryň her birine gymmaty 30 dollar bolan “Bitcoin” paýlamak karar edilipdi. Ýurt ilkinji kriptowalýutasyny satyn aldy. Ýurduň prezidenti Naýib Bukele 400 “Bitcoin” satyn alandyklaryny we ýene-de 200 “Bitcoin” aljakdyklaryny mälim etdi. Häzire çenli alnan kriptopullaryň bahasynyň 20 million dollardygy bellenilýär.
Ýurduň raýatlary raýat şahsyýetnamasynyň belgisini aýan edip, “Bitcoin” “gapjygy” bolan “Chivo”-ny alyp bilerler. “Chivo” mobil enjamlar arkaly elýeterli edilýär. 16 ýaşdan uly ähli raýatlar bu programmany telefonlaryna göçürip alandan soňra tölegsiz ýagdaýda 30 dollarlyk “Bitcoin” alarlar. Bu “gapjykda” gymmaty 30 dollar bolan “Bitcoin” bolar. Söwda nokatlary kriptopullary kabul ederler. Salgydy tölemek üçin hem “Bitcoin” ulanyp bilerler. Prezident Bukele bu düzgüniň has köp adamy maliýe ulgamyna çekjekdigini we pul geçirimleriniň bahasynyň azaljakdygyny belledi.
6,5 milliona golaý ilaty bolan ýurt 140 million dollarlyk “Bitcoin” almaly bolar. Häzirki wagtda “Bitcoin”-iň bahasy 52 müň dollar töweregi.