Haýalrakdan az wagtlyk maşklar ýokary gan basyşyny peseldip, gipertoniýanyň öňüni almaga ýardam berýär. Bu barada britan gazeti “Daily Express” Maýo hassahanasynyň hünärmenlerine salgylanyp mälim etdi. Lukmanlar bu türgenleşigi her gün 12 minutlap yzygiderli berjaý etmegi maslahat berýärler.

-Şeýle maşklar belli bir myşsa ýa-da myşsa toparynyň ýygrylyp ýazylmagyna gönükdirilendir – diýip, lukmanlar tassyklaýarlar.