Fransiýanyň imperatory Napoleon Bonaparte degişlidigi subut edilen şlýapa DNK nusgasy bilen Gonkongyň “Bonhams” auksion öýünde görkezildi. Başgaby “Imperatoryň DNK-sy bilen ilkinji şlýapa” ady bilen hödürlenýän 27-nji oktýabrda Gonkongda, Parižde we Londonda auksiona çykarylar. Elektron mikroskop ýaly geçirilen dürli usullar arkaly şlýapadan bäş sany saç tapyldy. Soňra bu saçyň imperatoryň genetiki maglumatlary bilen yzarlandy we gabat gelendigi bellendi. Asyl bahasynyň, takmynan 150 müňden 200 müň dollar aralygyndadygyny, ýöne şlýapanyň imperatoryňkydygynyň subut edilmeginiň, gymmatyny ýokarlandyrjakdygy bellenilýär.

Fransuz rewolýusiýasyndan 20 ýyl öň 1769-njy ýylda doglan Napoleon Bonapart 1804-nji ýylyň 18-nji maýyndan 1814-nji ýylyň 11-nji apreline çenli Fransiýany dolandyrdy. Dürli söweşlerde ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde, taryhyň iň möhüm serkerdelerinden biri bolan Napoleonyň söweş strategiýalary dünýäniň harby mekdeplerinde okadylýar.