“BioNTech” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ugur Şahin 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin koronawirus sanjymyny işläp taýýarlandyklaryny mälim etdi. Geljek birnäçe hepdäniň dowamynda maglumat toplajakdyklaryny aýdan Şahin oktýabr aýynda degişli ygtyýarnamanyň berlip bilinjekdigini belledi.
ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy bilen bilelikde koronawirus sanjymyny işläp taýýarlan Germaniýanyň “BioNTech” firmasy dünýäniň koronawirus sanjymyny öndürýän az sanly kompaniýalaryň biridir.
Ugur Şahin häzirki wagtda 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin degişli ygtyýarnama alan “COVID-19” sanjymynyň ýokdugyny aýtdy.