Oksford uniwersitetiniň hünärmenler topary COVID-19-a niýetlenen “Oksford-AstraZeneca” sanjymynyň wirus wektoryny rak keseline garşy täze sanjym döretmek maksady bilen synagdan geçirdi. Syçanlarda üstünlikli synag edilen sanjym şu ýylyň ahyryna çenli hassalarda synagdan geçiriler. Bu sanjym immunoterapiýanyň utgaşmasy bolup, immunitet ulgamyny “täzeden işe girizip” rak öýjüklerini işjeň “awlamagyň” hötdesinden gelýär.

Immunoterapiýa “anyklanan nokatlary” öçürmäge, bu mehanizmleriň käbirini zyýansyzlandyrmaga we rak öýjüklerine garşy immun öýjüklerini täzeden düzmäge mümkinçilik berýär. Alymlar täze sanjymyň kömegi bilen az sanly “awçylaryň” sanynyň has-da köpelmegine itergi bermegi ýüregine düwdiler.

Syçanlarda geçirilen synaglarda bu sanjym garaşylyşy ýaly CD8 + T öýjükleriniň güýjüni ep-esli artdyrdy. Immunoterapiýa olara güýç-kuwwat berensoň, rak öýjükleri gyrlyp ugrady. Olaryň ýok edilmegi görlüp-eşidilmedik derejedäki basyş bilen amala aşyryldy. Netijede, barlag geçirijiler toparynyň ygtyýaryndaky bejergi almadyk gemrijiler ölen bolsa, bejergi alanlar diri we sagat galdylar.

Häzirki wagtda synagyň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin düwnük keseline uçran ilkinji 80 hassa kabul edildi.