Angliýanyň Premier Ligasynda 5 klub düzümindäki braziliýaly futbolçylaryndan hem çempionatda, hem-de Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşygynda peýdalanyp bilmez. Premier Liga toparlary Angliýanyň “gyzyl sanawyndaky ýurtlaryň” milli ýygyndylaryna futbolçylary ugratmandy. Şolaryň biri-de Braziliýa bolup, ýurduň futbol federasiýasy Angliýanyň bu etmişine jogap bermekçi bolýar. BBC-niň habar bermegine görä, Braziliýanyň futbol federasiýasy 8 milli futbolçy üçin bäş günlük çäklendirme düzgünine laýyklykda FIFA ýüz tutdy. Şeýlelikde, Liwerpulda Alisson, Fabinio, Firmino, Mançester Sitide Ederson bilen Gabriel Žesus, Çelside Tiago Silwa, Lids Ýunaýtedde Rafinýa, Mançester Ýunaýtedde Fred dagy Premier Liganyň nobatdaky tapgyrynda hem-de Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda meýdança çykmazlar.