Halkara gatnaşyklarynda eýýäm birnäçe döwletiň mysalynda ençeme ýyl bäri duş gelýän adalga bolan “hemişelik Bitaraplyk” hut Türkmenistanyň mysalynda täze häsiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda özüniň daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý ýygnanyşygynyň çäklerinde bu guramanyň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi berildi. Bu bolsa, Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli, ynsanperwer daşary syýasatynyň BMG-niň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Şeýle hem 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyna laýyklykda, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu resminama mundan beýläk Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda alyp barjak daşary syýasatynyň nähili ýörelgelere esaslanjakdygyny kesgitleýän esasy resminama boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 ýurduň ses bermeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ikinji gezek tassyklanyldy.
Şu geçen döwürde halkara gatnaşyklarynda eýýäm birnäçe döwletiň mysalynda ençeme ýyl bäri duş gelýän adalga bolan “Hemişelik Bitaraplyk” hut Türkmenistanyň mysalynda täze häsiýete eýe boldy.
Şu maksat bilen, 1815-nji ýylda Şweýsariýa,1831-nji ýylda Belgiýa, 1871-nji ýylda Lýuksemburg bitaraplyk hukuk derejesi berlen döwletler bolupdyr. Şeýle maksat bilen, 1955-nji ýylda Awstriýa hem bitaraplyk hukuk derejesini alypdyr. Şolardan Şweýsariýa hem-de Awstriýa öz Bitaraplyk hukuk derejesini biziň döwrümize çenli gorap saklamagy başarypdyrlar.
Ýöne 1995-nji ýylda Türkmenistan döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmeginiň netijesinde, bu babatdaky ozalky bar bolan düşünjeler doly üýtgedi.
Bellenilenlerden hem mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň aýratynlygy onuň Türkmenistan tarapyndan garaşsyz saýlanylyp alnan daşary syýasat görnüşidigi bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriňkiden tapawutlylykda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilenligidir. Bu taryhy waka BMG-niň öz taryhynda hem ilkinji gezek gabat gelýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem-hemişelik Bitaraplyk hukuk statusy bolanlygy sebäpli ony ykrar eden taraplar hem bu babatda käbir jogapkärçiliklere borçlanýarlar.
Bellenilenler bilen bir hatarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy oňyn ýa-da konstruktiw häsiýete eýe bolup durýar. Oňyn ýa-da konstruktiw bitaraplyk, ilkinji nobatda diňe bir hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwletiň bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkarar etmegiň möhüm guraly bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebit hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine hem öz degerli goşandyny goşmaga giň mümkinçilikleri açdy. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyndan bäri geçen döwürde sebit hem-de halkara derejesinde ýeten belent sepgitleridir ösüşleri we öňe süren başlangyçlary sanardan has köpdür.
Baýgeldi Weliýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.