Öndürilip baş­la­na­ny­na 120 ýyl­dan gow­rak wagt ge­çen aw­tou­lag­la­ryň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Esa­san, ýük we ýo­lag­çy gat­naw­la­ry üçin ula­nyl­ýan ulag­lar sport mak­sa­dy bi­len hem peý­da­la­nyl­ýar. Gün­de­lik dur­muş­da ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen ulag­lar bi­len bir ha­tar­da, ýö­ri­te mak­sat­lar üçin çy­ka­ry­lan ulag­lar hem az däl. Beý­le­ki is­len­dik ha­ryt­da bol­şy ýa­ly ula­gyň hem köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­ýän­le­ri­niň ba­ha­sy köp­ler üçin el­ýe­ter­li. Em­ma az san­ly ýa-da di­ňe bi­ri ön­dü­ril­ýän, şeý­le hem eýe­si­niň is­le­gi­ne gö­rä soň üýt­ge­dil­ýän ulag­la­ryň ba­ha­sy has gym­mat bol­ýar. Gys­ga wagt­da bat al­ýan, ýo­ka­ry tiz­lik­li sport ulag­la­ry hem gym­mat­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ulag­la­ryň kä­bi­ri sat­mak üçin ön­dü­ril­ýän hem bol­sa, kä­bi­ri kom­pa­ni­ýa­nyň teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ýe­ten de­re­je­si­ni ma­ha­bat­lan­dyr­mak üçin ýö­ri­te iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Şeý­le ulag­lar köp­lenç tiz­lik re­kor­dy goý­mak mak­sa­dy bi­len hem di­zaýn edil­ýär. «Bu­gat­ti», «Fer­ra­ri», «Mercedes-Benz», «Koe­nig­segg» we «Pa­ga­ni» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­mek­de öňe saý­lan­ýar. Şeý­le ulag­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
«Rolls-Royce Boat Tail»
Bu ulag «Rolls-Royce Mo­tor Cars» iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­di. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky «Go­od­wo­od» di­zaýn we önüm­çi­lik mer­ke­zin­de dö­re­di­len ula­gyň di­zaý­ny 1910-njy ýyl­da­ky «Rolls-Royce Ltd Bo­at Ta­il» aw­tou­la­ga meň­ze­di­lip­dir. Bu ulag aw­tou­lag he­re­ke­ti­ne açyk ýol­lar­da sür­mä­ge ni­ýet­le­nen iň gym­mat ulag ha­sap­lan­ýar. Yz ta­ra­pyn­da bäş sa­ny elekt­ron do­lan­dy­ryş bö­lü­mi bo­lup, ula­gyň tiz­lik ge­çi­ri­ji­si me­ha­ni­ki usul­da do­lan­dy­ryl­ýar. Yz ta­ra­pyn­da bol­sa iýip-iç­mek üçin ýö­ri­te stol, iç­gi­ler we iý­mit­ler üçin ýö­ri­te so­wa­dy­jy, açy­lyp-ýa­pyl­ýan otur­gyç­lar we sa­ýa­wan göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Şeý­le hem ula­gyň için­de, öň ta­rap­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň «BOVET 1822» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren iki sa­ny sa­ga­dy ýer­leş­di­ri­lip­dir. Sa­gat­la­ryň bi­ri ula­ga otur­dy­lan bol­sa, beý­le­ki­si go­şar sa­ga­dy bo­lup, ony goý­mak üçin ýö­ri­te ýer­ja­gaz ýa­sa­lyp­dyr. Ba­ry-ýo­gy bi­ri ön­dü­ri­len bu ula­gyň ba­ha­sy 20 mil­li­on funt ster­lin­ge (20 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi) deň. Ula­gyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy şu ýy­lyň maý aýyn­da ge­çi­ril­di. Mun­dan ozal­ky re­kord 2019-njy ýyl­da ön­dü­ri­len we 11,5 mil­li­on funt ster­lin­ge sa­ty­lan «Bu­gat­ti La Voi­tu­re No­ir»-e de­giş­li­di.
Kom­pa­ni­ýa «Rolls-Royce Ltd Bo­at Ta­il»-iň ýe­ne-de iki­si­ni ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär.
Üs­ti açy­lyp-ýa­pyl­ýan ula­gyň uzyn­ly­gy 5,8 met­re ba­ra­bar bo­lup, 6,75 litr­lik go­şa tur­bo­ly V12 he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty 563 at güý­jü­ne ba­ra­bar.

«Bugatti La Voiture Noire»
Bahasy 18,7 mil­li­on dol­lar bo­lan «Bu­gat­ti La Voi­tu­re Noi­re» iň gym­mat aw­tou­lag­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ulag Bu­gat­ti di­zaý­ne­ri Ete­nom Sa­lo­me ta­ra­pyn­dan di­zaýn edil­di. Umu­my kuw­wa­ty 1479 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan dört sa­ny 8.0 litr­lik, W16 tur­bo he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lyp­dyr. Ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 400 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan ulag, 0-dan 100 km/sag tiz­li­ge 2,4 se­kunt­da ýet­ýär. «Bu­gat­ti Ty­pe SC57 At­lan­tic» ta­ra­pyn­dan yl­ham alan ula­gyň soň­ky wer­si­ýa­sy dün­ýä prem­ýe­ra­syn­dan iki ýyl­dan gow­rak wagt ge­çen­soň, ýag­ny 2021-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da hö­dür­len­di.

«Mercedes-Benz Maybach Exelero»
Bu ulag Ger­ma­ni­ýa­nyň «Goo­dyear» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň şa­ham­ça­sy «Ful­da» ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­di. 2004-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek işe gi­ri­zil­di. Ulag 690 at güý­ji we go­şa tur­bo V12 he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len iş­läp, iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 350 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Ula­gyň iç­ki gör­nü­şi ha­ky­ky de­ri­den ti­ki­len otur­gyç­la­ry bo­lup, daş­ky gör­nü­şi ne­op­ren, al­ýu­min, ýal­pyl­da­wuk ug­le­rod sü­ýüm bi­len di­zaýn edi­lip, di­ňe iki ada­my ka­bul edip bil­ýär.
Aw­tou­lag Ita­li­ýa­da «Sto­la» Tu­rin şä­he­rin­de ön­dü­ril­di we 2005-nji ýy­lyň maý aýyn­da il­kin­ji gör­nü­şi gör­ke­zil­di.

«Pagani Huayra Imola»: tizlik üçin döredilen
Bu ulag köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­ýän «Pa­ga­ni Huay­ra»-nyň ýö­ri­te di­zaýn edi­len nus­ga­sy bo­lup, on­dan ba­ry-ýo­gy bä­şi­si ön­dü­ri­lip­dir. Kuw­wa­ty 827 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan su­per­kar ýo­ka­ry tiz­lik üçin ni­ýet­le­nip­dir. Ita­li­ýa­nyň Imo­la şä­he­rin­dä­ki «Au­tod­ro­mo En­zo e Di­no Fer­ra­ri» at­ly ýa­ryş tras­sa­syn­dan ugur al­nyp ula­gyň ady da­ky­lyp­dyr. Aw­tou­lag ýa­ryş­la­ry üçin ni­ýet­le­nen ula­gyň tiz­li­gi sa­gat­da 383 ki­lo­met­re ýet­ýär. 0-97 km/sa­gat tiz­li­ge 2,7 se­kunt­da ýet­ýän «Pa­ga­ni Huay­ra Imo­la»-nyň ba­ha­sy 5,4 mil­li­on dol­lar. «Huay­ra» ýo­ka­ry kuw­wa­ty bo­lan, «Mercedes-AMG» ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­lip, onuň üçin ýö­ri­te ön­dü­ri­len 6.0 L go­şa tur­bo gör­nüş­li «M158 60 ° V12» he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ni ulan­ýar.

«Koenigsegg CCXR Trevita»
«Koenigsegg Au­to­mo­tive AB» at­ly şwed kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­mek we tiz­lik­de re­kord goý­ýan ulag­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­kar­da ag­zal­ýan mo­de­li­niň tiz­li­gi sa­gat­da 408 ki­lo­met­re ýet­ýär. Ula­gyň 0-dan 100 km/sag tiz­li­ge ýet­me­gi üçin 2,9 se­kunt ge­rek. «Koe­nig­segg CCXR Trevita» V8 he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len iş­le­ýär. Ula­gyň iki he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup, ola­ryň bi­ri «E85» hem-de «E100» bio­ýan­gy­jy­ny, beý­le­ki­si ok­tan de­re­je­si 98-e deň bo­lan ada­ty ben­zi­ni ulan­ýar. Bu ulag sport ula­gyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty 212 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, ba­ha­sy 4,8 mil­li­on dol­lar­dyr.