9-njy sentýabrda BRIKS ýurtlarynyň ýolbaşçylary wideo baglanyşygy görnüşinde sammit geçirip, onuň netijesinde Nýu-Deli jarnamasy ylalaşdylar. Taraplar koronawirus pandemiýasyna garşy göreş, BMG-niň esasy guramalaryny özgertmek, halkara we sebit parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek ýaly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitden soňky beýanata laýyklykda, BRIKS ýurtlary syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

“Biz BRIKS-iň içinde syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet we maliýe, şeýle-de adamlaryň arasynda medeni alyş-çalyş hyzmatdaşlygy güýçlendirmek borjumyzy tassyklaýarys” diýlip beýanatda aýdylýar.

Mundan başga-da, ýurtlar çökgünlik döwründe Halkara pul gaznasynyň (HPG) mümkinçiliklerini giňeltmegiň zerurdygyny ykrar etdiler. “Halkara pul gaznasy dünýä ýurtlarynyň maliýe zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen öz ukybyny ýokarlandyrmagy gaýragoýulmasyz ýagdaýda zerurdyr” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de BRIKS, Bütindünýä söwda guramasyny (BSG) gyssagly özgertmegiň zerurdygyna ynanyp, bu guramanyň esasy gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gorap saklaýar we ähli agzalaryň bähbitlerini göz öňünde tutýar.

BRIKS ýurtlary (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy) dünýä ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önümi soňky ýyllarda has-da ýokarlandy. Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.