10-njy sentýabrda irden “Demirgazyk akymy 2” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Bu barada “Gazprom”-da geçirilen maslahatda edaranyň başlygy Alekseý Miller mälim etdi.
Golaýda iň soňky turbanyň Germaniýanyň kenarlarynda Baltika deňzinde kebşirlenip, suwa çümdürilendigi habar berlipdi. Şu gün iň soňky tapgyr – Daniýadan we Germaniýadan gelýän bölümler bilen sepleýiş işleri tamamlandy.
“Gazprom”-yň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda turbageçiriji arkaly 5,6 milliard kub metr gaz ugradylyp bilner. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli gaz geçirijisini işe girizmäge bil baglaýar.
“Demirgazyk akymy – 2”-niň umumy kuwwaty 55 milliard kub metr bolan iki turbageçirijiden ybarat bolup, Russiýanyň kenarlary bilen Baltika deňzinden Germaniýa çenli uzaýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda käbir sebäplere görä togtatylan bu taslamanyň gurluşygy 2020-nji ýylyň dekabrynda gaýtadan başlandy.