Möwsümiň 4-nji Uly tuwulga tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda sanawyň 1-2-nji belgili tennisçileri – serbiýaly Nowak Jokowiç bilen russiýaly Daniil Medwedew duşuşdylar. Russiýaly tennisçiniň erjel oýun görkezen oýnunda Daniil Medwedew güýçli garşydaşyny 2 sagat 17 minutda 6:4 hasaplar bilen 3:0 ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 25 ýaşyndaky Medwedew karýerasyndaky ilkinji Uly tuwulga kubogyny asmana göterdi. Bu onuň ATP-niň ýaryşlaryndaky 13-nji çempionlygydyr. Ol Uly tuwulgalarda çempionlyk gazanan russiýaly 3-nji erkek, umumylykda 6-njy tennisçidir (Ýegegeniý Kafelnikow, Marat Safin, Anastasiýa Myskina, Mariýa Şarpowa, Swetlana Kuznesowa). Soňky gezek 2005-nji ýylda Russiýadan erkeklerden Marat Safin Uly tuwulga kubogyny gazanypdy. Galyberse-de, Medwedew Uly tuwulganyň finalynda Nowak Jokowiçi ýeňen 5-nji tennisçi boldy.
Şeýlelikde, 34 ýaşyndaky Nowak Jokowiç bir möwsümde 4 Uly tuwulgany-da gazanan 2-nji erkek, umumylykda 4-nji tennisçi bolmak mümkinçiligini elden giderdi. Şu möwsümde Awstraliýada, Rolan Garrosda hem-de Wimbledonda çempionlyk gazanan Jokowiç Amerika Açykda-da çempion bolup, 1969-njy ýylda Rod Laýwerden soň muny başaran ilkinji tennisçi bolup bilerdi. Şu wagta çenli 20 Uly tuwulga kubogyny gazanan Nowak Jokowiç 21-nji kubogyny eýeläp, Federer hem-de Nadal bilen paýlaýşýan rekordyny öz adyna geçirip bilmedi.