21-nji martda “Apple” kompaniýasy täze smartfony barada giňişleýin maglumat beripdi. Kompaniýa arzan bahaly bu telefony satuwa çykarmak bilen öz satuwyny has hem artdyrmak isleýär. Amerikan şereketi diňe elektron önümçiligi bilen meşgullanmaýar. Dünýä ägirdiniň girdejisiniň ep-esli bölegini applikasiýalar, ýagny, mobil enjamlar üçin taýýarlanan programmalar emele getirýär. “Apple” maliýe pudagynda hem iş alyp barýar. “iPhone” enjamlary elektron söwdada giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda söwda nokatlarynda bank petekleriniň ýerine ulanyp bolýan bu enjamlar arkaly ýylyň ahyrynda internet arkaly bölek söwdada hem ulanyp boljakdygy mälim edildi. Şeýlelikde “iPhone” we “iPad” enjamlary arkaly mobil web saýtlaryndan “Apple Pay” arkaly söwda edip bolar.
Isleg ýokary boldy
Internetden sargyt kabul edip başlan “iPhone SE” modeline Hytaýda has köp isleg bildirildi. 4 dýuýmlyk smartfondan eýýäm bu ýurtda 3,4 million müşderi sargyt etdi. Altynsow reňkli “iPhone”-lar bolsa, iň köp saýlanan enjam boldy. Täze modeliň “iPhone 6”-dan we “iPhone 6S”-den ýokary hilli, emma bahasynyň amatly bolmagy oňa bolan gyzyklanmany has hem artdyrýar.
Hytaýda ýola goýuldy
Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri “Samsung”-yň mobil töleg ulgamy “Samsung Pay” Hytaý Halk Respublikasynda ýola goýuldy. Ulgam bu ýurtdaky hyzmatdaşy “China UnionPay” bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu hyzmaty hödürlär. Bu hyzmatdan “Samsung Galaxy S7”, “Galaxy S7 edge”, “Galaxy S6 edge-plus” hem-de “Galaxy Note 5” smartfonlary arkaly peýdalanyp bolýar. Golaýda “Galaxy S6”, “Galaxy S6 edge”, A5, A7 we A9 modelleri arkaly hem ulanmaga mümkinçilik dörediler. Häzirki wagtda “Samsung Pay” Hytaýyň 9 bankynyň müşderilerine hyzmat hödürleýän bolsa, golaýda muňa ýene 6 bankyň goşulmagyna garaşylýar. Fewral aýynda bu ýurtda “Apple”-iň töleg ulgamy hem ýola goýlupdy. Häzirki wagtda ýurtda diňe internet söwdasynda ulanylýan “Alibay” töleg ulgamynyň hem golaýda täze bäsdeş hökmünde söwda nokatlarynda ýola goýulmagyna garaşylýar.