UEFA Çempionlar ligasynda täze möwsümiň ilkinji duşuşyklary oýnaldy. Tapgyryň ilkinji iki duşuşygynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. “Ýang Boýz” öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedden 2-1 üstün çykdy. Oýnuň 13-nji minutynda Kristiano Ronaldo täze möwsümiň ilkinji, özüniň Çempionlar ligasyndaky 135-nji goluny geçirdi. Şol bir wagtyň özünde bu oýun Ronaldonyň Çempionlar Ligasynda 177-nji duşuşygy bolup, ol bu ugurda babatda Iker Kasilýasyň rekordyna-da şärik boldy. Ýöne bu rörkezijiler ýeňşe ýeterlik bolmady. 35-nji minutda bir oýunçy (Wan Bissaka gyzyl kart aldy) kem galan Mançester Ýunaýted 2-nji ýarymda hiç hili oýun görkezip bilmedi. Ýer eýeleri 66-njy minutda Moumi Ngamaleunyň goly bilen hasaby deňledi. Şondan soňam goragda galan Ýunaýtediň derwezesinden ýeňiş goluny 90+5-nji minutda Teoson-Jordan Siebatçeu girizdi. Şeýlelikde, Ýang Boýz öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedden 2-1 üstün çykdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Wilýarreal öz meýdançasynda Atalanta bilen 2-2 deňme-deň oýnady (Trigueros 39, Danýuma 73 – Froýler 6, Gosens 83). Duşuşygyň 84-nji minutynda Wilýarrealyň fransiýaly oýunçysy Koklin ikinji sarydan soň gyzyl kart aldy.