Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasy öz işine başlady. Maldiwleriň wekili Abdulla Şahid ýylyň dowamynda başlyklyk eder. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş we Baş Assambleýanyň täze başlygy Abdulla Şahid sessiýa gatnaşyjylara ýüzlendiler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda Abdulla Şahid 2022-nji ýylyň ahyryna çenli her bir adama koronawirusa garşy sanjym edilmegi üçin elinden gelenini aýamajakdygyny beýan etdi.
-2022-nji ýylyň ahyryna çenli hemmelere sanjym etmek maksadymyza ýetmek üçin ähli güýç-gaýratymy gaýgyrmaryn. Şeýle mümkinçilikleriň bardygyna we munuň hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn. Men dünýä liderleriniň ählisini bu meseläniň daşynda jebisleşmäge we muny amala aşyrmaga çagyrýaryn – diýip, Abdulla Şahid belledi.
Şeýle hem Baş Assambleýanyň täze başlygy geljek ýylyň başynda ökde hünärmenler we dünýä liderleri bilen sanjymlaryň deň paýlanmagy barada BMG-niň Baş Assambleýasynda ýokary derejeli çekişme guramak niýetiniň bardygyny aýtdy.
Häzir ilkinji maslahatlara gatnaşyjylar resmi meseleleri çözýärler, gün tertibini tassyklaýarlar. 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlar, şol döwürde birnäçe ýurduň Prezidentleri, Premýer-ministrleri we ministrleri Nýu-Ýorka gelerler.