Nýu-Ýork ştatynyň senaty 2035-nji ýyla çenli adaty ýangyç bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny gadagan edýän kanuny tassyklady. Bu kanun bilen ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylarynyň 35 göterime çenli azalmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu kanunyň, Nýu-Ýork ştatyna howasy bilen baglanyşykly maksatlarynyň biri bolan 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň çykarylyşyny 85 göterim azaltmaga kömek etjekdigi mälim edildi. Häzirki wagtda ştatda satylýan täze ulaglaryň takmynan 1 göterimini elektroulaglar emele getirýär. Täze kanunda 2045-nji ýyla çenli orta we agyr ulaglaryň hem alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän bolmagy talap ediler. Kanun bilen ştatda uly göwrümde elektrik ulagyna zarýad beriji enjamlary oturtmak meýilleşdirilýär.
Kanunuň ýyladyşhana gazlaryny 35 göterim azaltmaga ýardam etjekdigi bellenilýär. Şeýle hem bu kanun ştatyň howanyň bilen bagly öňde goýlan maksatnamalarynyň biri bolan 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlaryny 85 göterim azaldylmagyna ýardam eder.