ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 17-nji sentýabrda energetika we howa boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň wirtual forumyny geçirer. Bu barada Ak tamyň beýanatynda mälim edilýär.
“Prezident Jozef Baýden, global klimat çökgünligine garşy tagallalary güýçlendirmek maksady bilen ertir energetika we howa boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň forumyny geçirer” diýlip beýanatda bellenilýär.
Şeýle forum 2009-njy ýylda ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama tarapyndan dünýäniň iň uly 17 ykdysadyýetiniň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Maglumatlara görä, bu ýygnak BMG-niň Britaniýanyň Glazgo şäherinde aprel guralan klimat maslahatynyň sammitiniň gazananlaryna esaslanýar.
Baýden forumy global ýylylyga garşy göreşi utgaşdyrmak üçin esasy halkara platformalarynyň biri hökmünde ulanmagy niýet edinýär.