Türk dilli ýurtlaryň Parlament assambleýasynyň (TÜRKPA) 10-njy sessiýasy 27-28-nji sentýabr aralygynda türk dünýäsiniň paýtagty – Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan şäherinde geçiriler.

Bu, Gazagystanyň mejlisiniň başlygy Nurlan Nigmatuliniň “TurkPA”-nyň Baş sekretary Altynbek Mamaýusupow bilen bolan duşuşygynda mälim boldy.

Taraplar sessiýa taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çärä Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe, şeýle hem Özbegistan Parlamentleriniň spikerleriniň çagyrylandygy bellenildi.

Sessiýanyň dowamynda TÜRKPA-nyň 10 ýyllyk işine baha bermek, şeýle hem maslahatyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.

TÜRKPA bileleşigi Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen döredilip, oňa Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe girýär, Wengriýa bolsa, bu guramada synçy statusyna eýedir.

Dünýäde alty sany garaşsyz türki döwlet bar – Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan.