Pag­ta ýur­du­my­zyň mil­li baý­ly­gy­dyr

186

Oba hojalyk pudagynda esasy ekinleriň biri hasaplanýan pagta ýurdumyzyň milli baýlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, obasenagat pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, täze çemeleşmeleriň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen pudak täze ösüş ýoluna gadam basdy. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri her ýyl pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len zäh­met­sö­ýer ba­ba­daý­han­la­ry­my­za döw­let ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýe­ňil­lik­ler dö­re­dilýär. Şeý­le ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp, yh­las­ly zäh­met çek­ýän pag­ta­çy­la­ry­myz «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler we ony ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga gi­riş­di­ler.
15-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, «ak al­tyn» möw­sü­mi­ne ýur­du­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­den bi­raz gij­räk ba­dal­ga be­ril­ýän Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň eke­ran­çy­la­ry pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­dy­lar.
We­la­ýa­tyň hä­kim­li­gin­de bo­lan iş mas­la­ha­tyn­da ýy­gym möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler, äh­li de­giş­li gul­luk­la­ryň ta­kyk iş­le­me­gi we saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy ugur­lar bol­dy.
Ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de go­wa­ça meý­da­ny 155 müň gek­ta­ry eýe­le­ýär. Şon­ça ýer­den «ak al­ty­nyň» 275 müň ton­na­sy­ny ýyg­nap al­mak mak­sat edi­nil­ýär. We­la­ýa­tyň eke­ran­çy­la­ry go­wa­ça­nyň «Da­şo­guz-120», «Da­şo­guz-114», «Gu­ba­dag-3», «C-4727», «Jeý­hun», «149F» ýa­ly or­ta sü­ýüm­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­ler.
Döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry meý­dan iş­le­ri­niň bök­denç­siz dep­gi­ni­ni üp­jün eder. Ýy­gym möw­sü­mi­niň do­wa­myn­da meý­dan­lar­da «John Dee­re» ky­sym­ly ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li kom­baýn­la­ryň we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň ýüz­ler­çe­si iş­le­di­ler. Soň­ky ýyl­lar­da bu teh­ni­ka­la­ryň üs­ti tä­ze kom­baýn­lar bi­len ýe­ti­ril­di.
Pag­ta da­şa­mak­da ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň hem-de tir­keg­li trak­tor­la­ryň iki mü­ňe go­la­ýy he­re­ket eder.
«Da­şo­guz­pag­ta» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry we pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry gi­je-gün­diz­le­ýin iş­le­mä­ge do­ly taý­ýar edil­di.
Hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bar­lag­ha­na­lar­da «Türk­mens­tan­dart­la­ry» Baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri tab­şy­ryl­ýan çig ma­lyň hi­li­ni bar­la­ýar­lar.
Pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­nyl­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ra we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, oba ho­ja­lyk­çy alym­lar, tej­ri­be­li ag­ro­nom­lar, kom­baýn­çy­lar, sü­rü­ji­ler­dir kä­ren­de­çi pag­ta­çy­lar gat­naş­dy­lar.
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni, mil­li Li­de­ri­mi­ziň döw­let­li iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg edip, «Har­ma­ny­ňy­za be­re­ket!» di­ýen söz­ler bi­len pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di­ler.
Soň­ra baý­dak­lar bi­len be­ze­len, üs­ti do­ly «ak al­tyn­ly» ýük aw­tou­lag­la­ry hem-de tir­keg­li trak­tor­lar tä­ze ha­sy­lyň ka­bul edil­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy­lar. Bu ýer­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we se­bi­tiň oba­se­na­gat top­lu­my ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň ser­gi­si gu­ral­dy. We­la­ýa­tyň ar­tist­le­ri hem-de tans-dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry aja­ýyp kon­sert mak­sat­na­ma­sy bi­len çy­kyş et­di­ler.