Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi öz işine başlady. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň bu mejlisinde dünýä ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistan döwletimiz hem Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň bu abraýly düzümiň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasy ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşleri gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri doly goldaýar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2020-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen çarçuwaly Maksatnamasy ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň ýörelgesidir. Bu bolsa ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda döwür üçin örän wajyp başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýär, şolar BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen halkara resminamalar babatda möhüm Kararnamalar kabul edilýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi.
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy hem-de bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy geçirildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy. Bu bolsa sebitleýin ösüşiň ilerledilmeginde Merkezi Aziýa platformasynyň derwaýyslygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy ýygnagynda «BMG bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada» karar biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem soňky resminamalaryň hatarynda şu ýyl kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar bar.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisi ýurdumyz üçin şowly boldy. Kabul edilen resminamalaryň ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilmegi bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan oňyn hem-de parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Kerkawgeldi BAGABEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.