Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň çäginde guralýan çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, saglygynyň goraglylygyny üpjün eder. Hut şol sebäpden hem biraýlygyň çägindäki çäreler diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulaglaryň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak häzirki wagtda iň möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Şonuň üçin biraýlygyň dowamynda geçirilýän şeýle çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr.
Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyzda ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde ynsan durmuşyny awtoulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäde tehnikanyň ösmegi, awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi sürüjilerden we pyýada adamlardan köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý etmegi talap edýär. Şol düzgünlere ýeterlik ähmiýet berilmedik halatynda, ýol-ulag hadysalaryna sezewar bolunýar. Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ulaglaryň sanynyň artmagy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy, ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini çagalara öwretmegiň, bu işde dürli usullardan, tärlerden peýdalanmagyň geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň asuda, abadan durmuşyny sagdyn hem-de ruhubelent ýaşaýşyny berkarar etmekde mynasyp orny bardyr. Şonuň üçinem gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda derwaýys işler alnyp barylýar.
Gülendam JUMAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.