Roma toparynyň kapitany, italiýaly ýarymgoragçy Lorenzo Pellegrini UEFA-nyň taryhyna öz adyna altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol toparynyň UEFA-nyň täze ýaryşy Ýewropa Konferensiýa ligasynda SSKA Sofiýa bilen geçiren duşuşygynda 2 gol geçirdi. Şeýlelikde, ol UEFA-nyň häzirki wagtdaky 3 klub ýaryşynda-da gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ol 2016/17 möwsüminde Sassuolonyň köýnekçesi bilen Ýewropa ligasynda gol geçiripdi. Şeýle-de 25 ýaşyndaky oýunçy Roma bilen 3 ýaryşda-da gol geçirdi. 2018/19 möwsüminde Çempionlar ligasynda gol geçiripdi. Ol geçen möwsümde-de Romanyň köýnekçesi bilen Ýewropa ligasynda 3 gol geçiripdi. Täze möwsümde-de Romanyň düzüminde UEFA-nyň täze bäsleşiginde Roma öz meýdançasynda SSKA Sofiýany 5-1 ýeňdi. Bu duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Pellegrini UEFA-nyň häzirki wagtda 3 bäsleşiginde-de gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi. Ýeri gelende aýtsak, Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki Roma onuň ozalky tälim beren kluby Tottenham bilen bilelikde Ýewropa Konferensiýa ligasynda çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar.