Ispaniýanyň güýçli klublaryndan Barselonada ýagdaý öwerlikli däl. Super ýyldyz Lionel Messiniň klubdan gitmeginden soň ýagdaý hasam çylşyrymlaşýar. Soňky 4 duşuşygynda 1 gezek ýeňiş gazanan katalonlaryň tälimçisi Ronald Kuman bilen toparyň başlygy Žoan Laportanyň arasyna tow düşdi. Ikisiniň arasynda häzirlikçe wagtal-wagtal çaprazlyklar ýüze çykýar. Ikisi biri-biri bilen gabatlaşmajak bolup çakylyklara-da görünmän başladylar. Başgaça aýdylanda, ikisiniň arasyndaky barja towuň hem golaýda gopaýmagy-da mümkin. Žurnalist Herard Romeronyň habar bermegine görä, Laporta tälimçi Kumany ugradyp, ornuna Andrea Pirlony tälimçilige bellemek isleýär. Pirlo bolmaýan ýagdaýynda-da Antonio Konte, klubuň ozalky oýunçylaryndan Fillip Koku, Hawi ýaly ýaş tälimçileriň atlary agzalýar. Ýeri gelende aýtsak, Laporta ýolbaşçylyk eden döwründe ýeke gezek hem tälimçini şertnamasyndan öň wezipesinden boşatmandy.

Düýnki duşuşykda Granada bilen öz meýdançasynda soňky minutda ýeňlişden halas bolan Barselona 1-1- deňme-deň oýnady. 8 utuk bilen 1 oýny kem 7-nji ýerde bolan Barselona sanawyň liderinden 5 utuk yzda barýar. Çempionlar ligasynda-da öz meýdançasynda Bawariýadan 3-0 asgyn gelip, 24 ýyldan soň ilkinji gezek bu ýaryşa ýeňliş bilen başlapdy. Barselona 6-njy tapgyrda hepdäniň penşenbe güni (23-nji sentýabrda) myhmançylykda Kadiz bilen duşuşar.