“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy, 17-19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlarda Dumanyň täze düzüminde konstitusion köplüge boldy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary sesleriň 100 göterimi sanalandan soň mälim etdi.
Partiýa sanawlary boýunça geçirilen ses berişligiň netijelerine görä, “Ýedinaýa Rossiýa” 49,82% ses alyp, 112 orna eýe boldy. Mundan başga-da, bu partiýanyň wekilleri 198 sany bir mandatly saýlaw okrugynda ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen, “Ýedinaýa Rossiýa” Parlamentiň aşaky palatasynda konstitusion köplüge eýe bolmaga mümkinçilik berýän 300-den gowrak mandata eýe boldy.
Partiýa sanawlary boýunça ses berişligiň netijelerine görä, Kommunistik partiýa (KPRF) – 18,93%, LDPR – 7,55%, “Adalatly Russiýa – hakykat üçin” – 7,46% we “Täze adamlar” – 5,32% sese eýe boldy. Saýlawlara gatnaşan beýleki 9 partiýa döwlet Dumasyna girmek üçin zerur bolan 5% päsgelçiligi ýeňip bilmedi.
KPRF-niň dalaşgärleri bir mandatly dokuz saýlaw okrugynda ýeňiş gazanan bolsa, “Adalat Russiýasy – hakykat üçin” bileleşigi sekiz okrugda ýeňiş gazandy. Şeýle-de bäş okrugda öz-özüni hödürleýän dalaşgärler öňde barýan bolsa, iki okrugda – Russiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň (LDPR) dalaşgärleri, ýene üç okrugda – “Watan”, “Ösüş partiýasy” we “Raýat platformasy” ýaly partiýalaryň her birinden bir dalaşgär öňdeligi eýeledi.
Parlament saýlawlary garyşyk ulgama laýyklykda geçirilip, deputatlaryň 225-si proporsional ulgam esasynda, ýene-de 225-si bolsa, bir mandatly saýlaw okruglary boýunça saýlandy. Jemi döwlet Dumasynda 450 orun bar. Ilkinji gezek saýlawlar bir günüň içinde däl-de, üç günüň dowamynda geçirildi. Mundan başga-da, häzirki saýlawlarda synag hökmünde ýedi sebitde elektron ses berişlik guraldy.