Hytaýda “TikTok” programmasynyň hytaý nusgasyna (“Douyin”) girmek 14 ýaşdan kiçi çagalar üçin çäklendirildi. Indi çagalar programmany hakyky ady bilen ulanmaly bolarlar. 14 ýaşyna ýetmedik çagalar günüň dowamynda bu programmany 40 minutdan köp ulanyp bilmezler. Şeýle hem programma agşam 10-dan irden 6-a çenli işlemez.
Awgust aýynda ýurtda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň wideooýunlaryna sarp edip biljek wagty çäklendirilipdi. Indi olara hepdäniň anna, şenbe, ýekşenbe we dynç alyş günleri diňe 20:00-dan 21:00-a çenli oýnamaga rugsat berilýär. Oýun platformalary hasaba alnanda hakyky ulanyjy atlaryny we jübi telefon belgileri barlanylýar.
Bilermenler ekranyň öňünde gereginden köp wagt geçirmegiň çagalaryň fiziki we ruhy ösüşine oňaýsyz täsir edip biljekdigini belleýärler.