Halkara “Buker” baýragynyň gysga sanawy Londonda yglan edildi. Alty dalaşgäriň sanawy baýragyň web sahypasynda habar berildi.
Şeýlelik bilen, ABŞ-dan üç ýazyjy – Pulitser baýragynyň eýesi Riçard Pauers “Bulaşyklyk” (Bewilderment), Patrisiýa Lokwud “Hiç kim bu hakda gürleşmeýär” (No One is Talking About This) we Meggi Şipsed “Uly tegelek”(Great Circle) ýaly eserleri bilen öz aralarynda bäsleşerler.
Dalaşgärlige hödürlenenleriň arasynda şri-Lankaly ýazyjy Anuk Arudpragazamyň “Demirgazyk tarapa geçiş”, (A Passage North), somali-iňlis ýazyjysy Nadifa Muhammediň “Garadan gaýtmaz adam” (The Fortune Men) we günorta afrikaly Deýmon Galgutyň “Wada” (The Promise) ýaly eserleri bar. Şol bir wagtyň özünde Galgut üçünji gezek “Buker” baýragyna dalaşgär görkezildi. Ondan öň gysga sanawda onuň iki sany başga eseri bardy.
Ýeňiji 3-nji noýabrda “BBC” radiosynyň teatrynda geçiriljek dabarada yglan edilip, 50 müň funt sterling bilen sylaglanar.
2020-nji ýylda şotlandiýaly ýazyjy Duglas Stýuart “Shuggie Bain” atly ilkinji romany üçin “Buker” baýragyna eýe boldy. Kitap çagalyk ýatlamalaryna esaslanyp, 1980-nji ýyllarda Glazgonyň ýaşamak üçin oňaýsyz ýerinde ulalan çaganyň başdan geçirenleri barada gürrüň berilýär