ABŞ-nyň Indiana ştatynyň Perdýu uniwersitetiniň hünärmenleri dünýäniň iň ak reňkini ösdürendiklerini habar berdiler. Döredilen ak reňk Ginnesiň rekordlar kitabyna “şu wagta çenli öndürilen iň ak reňk” hökmünde girdi. Oýlap tapyşyň awtorlarynyň biri bolan professor Siulin Ruan bu reňkiň energiýany tygşytlamaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek etjekdigini belleýär. Ýedi ýyllap üstünde işlenen täze reňk önümçilige ornaşdyrylanda global ýylylygyň peselmegine kömek eder. Uniwersitetiň laboratoriýasynda işlenip düzülen reňk Gün şöhlesiniň 98,1 göterimini yza serpikdirýär. Reňk bilen 92 inedördül metr meýdany bolan üçek örtülende, 10 kilowatlyk energiýany tygşytlamaga ýardam etjekdigi bellenilýär. Bu reňk bilen reňklenen jaýlar yssy günlerde öýleri serginletmek üçin edilýän çykdajyny ep-esli derejede azaldar.