Ýaponiýaly meşhur futbolçy Keisuke Honda soňky döwürlerde ýygy-ýygydan çykyş edýän klubuny üýtgedýär. 35 ýaşyndaky ýarymgoragçy Litwanyň “Suduwa” toparynyň düzümine goşuldy. Tejribeli futbolçy şu ýylyň ahyryna çenli, ýagny 31-nji dekabra çenli şertnama baglaşdy. Mart aýynda Azerbaýjanyň “Neftçi Baku” topary bilen gysga möhletlik şertnama baglaşan Honda bakulylaryň düzüminde 7 oýunda 2 gol geçirdi. Ýurdunyň “Nagoýa Grampus” toparynda futbola başlan Honda Niderlandlaryň “Wenlo” klubunda, soňra özüne uly şöhrat getiren “SSKA Moskwa” we “Milan” toparlarynda oýnady. Şondan soň 2 dürli yklymda, ilki Meksikada (“Paçuka”), soňra Awstraliýada (“Melburn Wiktori”) oýnan Honda soňra Niderlandlaryň “Witesse”, Braziliýanyň “Botafoga” klublarynyň köýnekçesini geýdi. “Neftçi Bakudan” öň Portugaliýanyň “Portimonense” kluby bilenem şertnama baglaşan Honda bu klubda käbir düzgünler sebäpli bir gezek çykyş edip bilmedi.

Häzirki wagtda Kambojanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi hem bolan Honda Ýaponiýanyň ýygyndysynda 98 oýunda 37 gol geçirdi.