“Gylgamyş daşýazgysy” bize gelip ýeten iň gadymy edebi eserleriň biridir. Onuň ýaşy 3500 ýyl diýlip çaklanylýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary seýrek zatlary öz eýesi – Yraga gaýtaryp bermegi niýet edinýär. Bu barada ÝUNESKO guramasy mälim etdi.
“Gylgamyş daşýazgysy” 1990-njy ýyllarda ýitirilip, 2007-nji ýylda näbelli ýollar bilen ABŞ-nyň bazaryna düşensoň 2019-njy ýylda ýüze çykaryldy. Daşýazgyda gadymy Mesopotamiýa medeniýetiniň şumer dilindäki ýazgylary bar. Olar “Gylgamyş hakda dessandan” alnan şumer goşgularyndan ybarat bolup, dünýäniň iň gadymy dini ýazgylarynyň biri hasaplanýar. Hünärmenler muny bahasyna ýetip bolmajak eser hasaplaýarlar.
Iýul aýynda ABŞ-nyň Adalat ministrligi daşýazgyny Yraga gaýtaryp bermek barada karara geldi. Ylalaşyk ABŞ bilen Yragyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesidir.
-Daşýazgynyň yzyna gaýtarylmagy Yrak halkyna taryhynyň ýene-de bir sahypasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär – diýip, gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň paýtagtyna gelen ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule aýtdy.
Mundan başga-da, ABŞ 2021-nji ýylda Pakistanyň, Kambojanyň, Taýlandyň, Nepalyň we Şri-Lankanyň ýaşaýjylaryna gymmatly eserleriň gaýtarylmagyny üpjün etdi.
Iýul aýynda ABŞ-nyň hökümeti soňky onýyllyklarda ýüze çykarylan 17 müň artefaktyň Yraga gaýtarylmagyna ýardam berdi. ÝUNESKO gymmatly kolleksiýalary gorap saklamak maksady bilen Yragyň Milli muzeýine goldaw berýär.