24-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan altynjy halkara dünýä şadessanlary şüweleňi Bişkekde başlandy.

Şüweleň iki bölekden ybarat. Birinji bölümde mifologik semantikany we tipologiýany öwrenmegiň jähetleri barada ylmy we amaly simpozium geçirilip, dünýä halklarynyň epiki däpleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem dünýä medeniýetinde, ylmynda, sungatynda, edebiýatynda “Manas” eposynyň orny barada tegelek stol guralýar.

Ikinji bölümde bolsa, Bişkekdäki Milli filarmoniýa jemgyýetiniň howlusynda gurlan “Gyrgyz köçi” etnografik obasynda zynatgärleriň arasynda “Iň oňat ýurta”, “Iň gowy Semeteýçi” (“Manas” eposyndan aýdym aýdýan aýdymçy) we “Sarkeç Köçmen” (Häzirki zaman çarwalar) bäsleşigi geçiriler.

Şüweleň 26-njy sentýabra  çenli dowam edip, konsertler we milli oýunlar bilen utgaşdyrylar. Çärä dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň wekilleri gatnaşýar. Dünýä şadessanlarynyň halkara şüweleňi 2006-njy ýylda dünýäniň epiki mirasyny gorap saklamak maksady bilen ýola goýuldy.