25-nji sentýabrda hormatly Prezidentmiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Garaşsyzlyk baýramy merdana halkymyza özüni erkin we bagtyýar duýmaga mümkinçilik berýän, Garaşsyz döwletimiziň özbaşdaklygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrmak üçin güýç berýän mukaddes baýramdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, agzybir we bitewi türkmen halkynyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli baýramymyzdyr.

Bu gün türkmen döwletiniň bähbitleri şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlaryna laýyk gelýär hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri bilen utgaşýar. Şu kadalardan ugur alyp, biz mukaddes türkmen topragynda täze durmuşy gurýarys.

Ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly döwrebap kärhanalar, iri binalardyr desgalar gurulýar. Dörediji, özgerdiji zähmetimiz bilen halkymyzyň iň täze taryhyna öçmejek sahypalary ýazýarys. Amala aşyrylýan giň gerimli bu özgertmeler bolsa ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys. Aýdyň maksatlarymyzdyr nurana geljegimiz kalbymyzda ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýädäki at-abraýyny berkitmek hem-de has-da ýokarlandyrmak üçin mundan beýläk-de uly hyjuw bilen tutanýerli we joşgunly zähmet çekmelidiris, ähli mümkinçilikleri mähriban halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerildi. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi we hemmeleri şanly sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadan durmuş bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwyny beýan etdi.