25-nji sentýabrda Islandiýada geçirilen Parlament saýlawlarynda, Premýer-ministr Katrin Ýakobsdottiriň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy bileleşik Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Indi Alting (Parlament) 33 zenandan we 30 erkek kişiden ybarat bolar. Ýewropada ilkinji gezek Parlamentdäki zenanlaryň sanynyň erkekleriňkiden köp bolmagy sebitiň taryhynda özboluşly wakadyr. Ozal bu ugurdaky liderlik Şwesiýa degişli bolup, Parlamentiň 47 göterimi zenanlardan ybaratdygy habar berlipdi. Indi Islandiýada bu görkeziji boýunça 52,3 göterim bilen öňdeligi eýeleýär.

Saýlawlaryň netijesinde düzüminde üç partiýa bolan Islandiýanyň dolandyryjy bileleşigi  -“Ýaşyl çep hereket”, “Garaşsyzlyk partiýasy” we “Ösüş Partiýasy” Altingde köplük gazandy. “Garaşsyzlyk partiýasy” sesleriň 24,4%-ine eýe bolup, bu ýagdaý oňa 16 deputat ornuny eýelemäge mümkinçilik berýär. Ikinji orny 17,3% (13 oturgyç) bilen “Ösüş partiýasy”, üçünji orny bolsa, 12,6% bilen häzirki Premýer-ministr Katrin Ýakobsdottiriň “Ýaşyl çep hereket” partiýasy (8 oturgyç) eýeleýär. Parlament köplügini eýelemek üçin olara 63 ornuň 32-si gerek bolup, netijede, bilelikde 37 orna eýe boldular. Saýlawlara ses bermäge hukukly 254 müň adamdan 204 müňüsi gatnaşdy. Galan partiýalar 10 göterimden az ses aldy.

Islandiýanyň häzirki hökümeti 2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda dolandyryjy bileleşigiň ýatyrylmagy sebäpli möhletinden öň geçirilen saýlawlardan soň döredildi. Şol wagt döredilen Ministrler Kabinetinde üç partiýa – “Ýaşyl çep hereket”, “Garaşsyzlyk partiýasy” we “Ösüş Partiýasy” girdi.

Islandiýada Parlament agzalary göni saýlawlar arkaly proporsional wekilçilik ulgamy (ýapyk partiýa sanawlary) arkaly saýlanýar. Altingdäki 54 orun alty saýlaw okrugynda geçirilen ses berişligiň netijeleri bilen paýlanýar. Galan dokuzysy goşmaça bolup, bütin ýurt boýunça azyndan 5% ses alan partiýalara berilýär. Deputatlar bilen bilelikde olaryň orunbasarlary saýlanýar.

Şu günki günde dünýäniň bäş ýurdunda zenanlar Parlamentdäki orunlaryň azyndan ýarysyny eýeleýär – Ruanda (61%), Kuba (52%), Nikaragua (51%), Meksika (50%) we BAE (50%).

 

Germaniýada geçirilen Parlament saýlawlarynda Sosial-demokratlar ýeňiş gazandy