29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly esere öwrüldi.

Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra­da hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň su­but­na­ma­la­ry bo­lan şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň nus­ga­la­ry ser­gi di­war­lyk­la­ry­ny be­ze­di. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, meş­hur aý­dym­çy­la­ryň we sa­zan­da­la­ryň joş­gun­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne aja­ýyp öwüş­gin çaý­dy.
Ki­tap­da­ky «Türk­men hal­ky – döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk eýe­si» di­ýen bö­lüm­de hut mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyň hem-de hal­ky­my­za mah­sus bo­lan sa­byr-ka­na­gat­ly­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ýaş, öz­baş­dak döw­le­tiň ke­ma­la gel­ýän döw­rün­de hök­man we çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän en­çe­me çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri ýe­ňip geç­me­giň ba­şar­dan­dy­gy tö­tän­den nyg­tal­ma­ýar.
Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar döw­le­tiň hu­kuk esas­la­ry­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­zi de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len yh­las­ly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Ýur­du­myz­da ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de iki pa­la­ta­ly par­la­men­tiň we köp­par­ti­ýa­ly ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi­niň mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy nyg­tal­dy.
Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lun­ma­gy mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nil­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň äh­li­si­niň – 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da ikin­ji ge­zek ýö­ri­te Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Çy­kyş eden­ler Ga­raş­syz­lyk de­re­je­si­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zü­niň has dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar hem-de ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­den­di­gi­ni, şol döw­let­ler we gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de üs­tün­lik­li ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň uly mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri, Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler, Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar.
Bu ýer­de çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ki­ta­byn­da be­ril­ýän gym­mat­ly mag­lu­mat­lar ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler.
Çy­kyş eden­ler gym­mat­ly eser­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ge­çen ýo­ly, dür­li ugur­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da de­ger­li mag­lu­mat­la­ryň be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di­ler.
Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry çap usu­lyn­da ne­şir edi­len ki­tap üç dil­de bo­lup, «Howp­suz, özerk­li ýa­şaý­şyň ga­la­sy», «Türk­men hal­ky – döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk eýe­si», «Bu­dur türk­men bi­na­sy», «Gal­ky­ny­şyň, ösü­şiň, bag­ty­ýar­ly­gyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­my», «Göz­baş­lar joş­ly bol­sa, bag­tyň­dan ro­waç­lyk hem üs­tün­lik çy­kar», «Türk­men top­ra­gy – be­re­ket me­ka­ny», «Türk­men hal­ky – dö­re­di­ji we gu­ru­jy halk», «Nus­ga­lyk iş­ler, il­kin­ji­lik, tä­ze önüm­çi­lik­ler, baý tej­ri­be – ösü­şiň öze­ni!», «Ýo­lu­ňyz ak bol­sun!», «Kal­by­ňyz we oja­gy­ňyz nur­ly bol­sun!», «Ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet – ýa­şa­ýyş ýö­rel­ge­si», «Ba­za­ry ba­ryň baý­ly­gy bar» hem-de «Ga­raş­syz­lyk bi­len geç­miş­li­di­ris, şu gün­lü­di­ris we gel­jek­li­di­ris» di­ýen bö­lüm­ler bar.
Şu çä­re­le­re gat­na­şy­jy­lar Ýüz­len­me ka­bul edip, ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk se­ne­si­ne ba­gyş­lan aja­ýyp dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy üçin hor­mat­ly Prezidentimize tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.