Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­my­zyň köp ba­bat­da bi­lim­le­riň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy, mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça yl­my bar­lag­la­ryň iş­jeň­leş­me­gi, dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry­na yl­my-teh­ni­ki tä­ze­lik­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len şert­len­di­ri­len ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan eý­ýa­my­na öw­rül­di. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da tä­ze komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, mul­ti­me­di­ýa ul­gam­la­ry­ny, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak ar­ka­ly döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň giň ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li umu­my okuw sa­pa­gy­ny ge­çip, ýaş­lar bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da ylym-bi­li­miň yn­sa­ny be­len­de gö­ter­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, ola­ra he­mi­şe ylym-bi­li­me, pä­him-paý­ha­sa, akyl-da­na­ly­ga teş­ne bol­ma­gy öwüt ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ola­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-de ke­ma­la gel­me­gi üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bi­di­ne ýaş­la­ryň aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik, ru­hy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň «Akyl aň­la­nyl­ýan we aň­la­nyl­ma­ýan dert­le­riň ba­ryn­dan ha­las ed­ýän­dir», «Akyl kä­mil­li­gi Wa­ta­nyň nä­me­di­gi­ne dü­şün­mek­dir», «Aky­lyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si pa­ra­sat­dyr» ýa­ly pä­him­li pi­kir­le­ri dö­re­den­di­gi­ni, akyl-paý­ha­syň kö­nel­me­ýän­di­gi­ni, wagt geç­di­gi­çe, onuň ma­ny­sy­nyň dür bo­lup öw­şün at­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Şu ýer­den bol­sa gün-gün­den öz­ger­ýän ýur­du­myz­da ylym bi­len paý­ha­syň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar.
Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­lim sy­ýa­sa­ty türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik, gu­ru­jy­lyk, oý­lap ta­py­jy­lyk ukyp­la­ry­ny aç­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Bu me­se­lä­niň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly kä­mil­leş­me­gi, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­me­gi esa­syn­da çö­zül­ýän­di­gi­ni gör­ýä­ris. Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň umu­my okuw sa­pa­gyn­da hem hal­ky­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry yl­my taý­dan öw­re­ni­lip, ola­ryň äh­mi­ýe­ti açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Şo­nuň üçin on­da öňe sür­len be­lent mak­sat­la­ry, il­ki bi­len, ýaş­la­ry­myz çuň­ňur öz­leş­dir­me­li­dir­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ylym ul­ga­myn­da ge­çir­ýän düýp­li öz­gert­me­le­ri ylym-bi­lim pu­da­gy­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Bu yn­san­per­wer ylym­lar ba­bat­da-da şeý­le­dir. Hormat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men ýaş­la­ry­nyň yl­myň äh­li ugur­la­ry­ny has iç­gin öz­leş­di­rme­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li Liderimiz: «Ýaş­la­ra ber­jek öwü­dim – he­mi­şe ylym-bi­li­me, pä­him-paý­ha­sa, akyl-da­na­ly­ga teş­ne bo­luň!» diý­mek bi­len, ýaş­la­ry­my­za ylym-bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler bi­len aýak­daş git­mek­le­ri­ni öwüt ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de go­ýul­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri-de ýaş­la­ra dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­lim ber­mek bi­len bir­lik­de, ola­ry mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr. Bu ba­bat­da gö­rel­dä­niň or­ny ulu­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Wa­ta­ny söý­mek, ony gö­züň gö­re­ji ýa­ly go­rap sak­la­mak, ýa­şu­ly nes­li sy­la­mak, ki­çä hor­mat goý­mak, mil­li däp-des­sur­la­ry, edep-ka­da­la­ry­my­zy sar­pa­la­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär hem-de bu ba­bat­da ýaş­la­ra gö­rel­de gör­kez­ýär.
Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ta­ry­hy taý­dan uzak bol­ma­dyk döw­rün­de bi­lim ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy, ony kä­mil­leş­dir­mek, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk ge­tir­mek, döw­re­bap okuw ki­tap­la­ry­ny we gol­lan­ma­la­ry­ny ne­şir et­mek, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry ylym-bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ojak­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­mak işi göw­ne­jaý ýo­la go­ýul­dy. Döw­re­bap okuw en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Şeý­le dö­wür­de mu­gal­lym­lar­dyr ta­lyp ýaş­la­ra hä­zir­ki za­man yl­my­ny giň­den öz­leş­dir­mek gal­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da ylym we bi­lim ul­ga­my­ny has-da be­len­de gal­dy­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öm­ri uzak, mer­te­be­si he­mi­şe be­lent bol­sun!

Ho­ja­han HO­JA­HA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.