«Ford» kompaniýasy «SK Innovation» kompaniýasy bilen bilelikde ABŞ-da 3 sany batareýa önümçilik desgasyny hem-de elektrikli ýük ulaglarynyň önümçiligi üçin önümçilik merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin 11,4 milliard dollar maýa goýum göz öňünde tutulýar. Bu maýa goýum «Ford»-yň 118 ýyllyk taryhynda iň uly önümçilik maýa goýumy bolar. Tennessi ştatynda dörediljek mega şäherçe we Kentukki ştatynda dörediljek batareýa önümçilik desgasy ýurduň elektroulaglara geçmegine ýardam eder.
Awtoulag dünýäsiniň ýene-de bir ägirdi «Volkswagen» kompaniýasy hem önümçilik möçberini artdyrmak üçin Hytaýyň Hefeý şäherinde batareýa önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär.
Nedir ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.