UEFA Çempionlar ligasynda “B” toparçada Milan bilen Atletiko Madrid duşuşyp, ispan kluby oýnuň soňky minutynda türkiýeli emin Jüneýt Çakyryň bellän penaltisi bilen 2-1 ýeňiş gazanypdy. Duşuşykda italýanlar eminiň gyzyl kartda-da, penaltide-de ýalňyşlyk goýberendigini belläpdiler. UEFA hem bu nägileligi gözden salmady we Jüneýt Çakyryň hem-de VAR emini Abdulkadir Bitigeniň ýalňyşlyk goýberendigini mälim etdi. Şol sebäpli-de iki emine-de häzirlikçe wagty kesgitlenmedik jerime berildi. Bu barada italýanlaryň “La Gazzetta dello Sport” gazeti habar berýär.
1-0 öňde barýan we şowly oýun görkezýän Milanyň ýarymgoragçysy Frank Kessiýä emin 29-njy minutda ikinji sary kartyny berip, ony gyzyl kart görkezip oýundan kowupdy. Şondan soň goraga geçen Milan 84-nji minutda Antuan Grizmanyň goluna çäre tapyp bilmändi. Oýnuň 90+5-nji minutynda-da ilki atletikoly Lemaryň, soňam milanly Kalulunyň eline degen top sebäpli Çakyr ispan klubunyň peýdasynda penalti urgusyny belledi. Şol pursatda milanly futbolçylar eminden VAR-a ýüz tutmaklaryny aýtsalaram, Çakyr olary diňlemedi, şol bir wagtyň özünde VAR-dan hem görkezme gelmändi.