Salam mugallym! Gör nähili gulaga ýakymly eşidilýän sözler. Dünýäde iň hormatly käriň haýsydygy barada soralsa, elbetde “mugallymçylyk” diýip jogap bererdim. Sebäbi mugallym öwredýän ussat, öz ömrüni ylym öwretmek ýaly asylly işe bagyş edýän beýik ynsandyr. Mekdep ýatlamalaryny mugallymlarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Her ýylyň 5-nji oktýabrynda “Bütindünýä mugallymlar güni” dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1994-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilýär. Şeýle senäni döretmek baradaky teklip ilkinji gezek 1966-njy ýylda ÝUNESKO-da teklip edilýär. Bu halkara güni ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlamak maksady bilen döredilýär.
Bütindünýä mugallymlar güni köp ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Mysal üçin, Hindistanda 5-nji sentýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Malaýziýada 16-njy maýda, Braziliýada 15-nji oktýabrda bellenilýär.
Bu halkara gününde dünýäniň mugallymlaryny begendirmek üçin okuwçylar we ene-atalar gyzykly çäreleri guraýarlar. Şeýle hem bu günde konsertler guralýar we mugallymlara ajaýyp gutlaglar aýdylyp sowgatlar berilýär.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.