Angliýanyň belli klublaryndan Nýukasl Ýunaýtediň eýesi üýtgedi. Has takygy kluby Saud Arabystanyna degişli konsorsiýum satyn aldy. Iňlis kluby üçin tölenen mukdar 352 million ýewro (300 million funt sterling) deň boldy. PIF, PCP Capital Partners, Reuben Brothers” kompaniýalary özünde jemleýän konsorsiýum Saud Arabystanynyň Şazadasy Mohammed bin Salmana degişlidir. Şeýlelikde, Nýukasl klubunyň täze eýesi Şazada Mohammed bin Salman topara täze oýunçylar transfer etmek üçin 1,5 milliard ýewro möçberinde pul serişdesini goýbermegi maksat edinýändigi bellenilýär. Klubuň birnäçe ýyldyz oýunçyny transfer etmegine garaşylýar.