Boks boýunça agyr agramda WBC-niň çempionlyk guşagy ugrunda iki ussat boksçy duşuşdy. ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen bu tutluşykda angliýaly Taýson Fýuri bilen amerikaly Deonteý Waýlder özara duşuşyk geçirdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen duşuşykda Fýuri güýçli garşydaşyny 11-nji raundda nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, WBC-niň çempionlyk guşagyny goramagy başaran Fýuri Waýlder bilen 3-nji gezek tutluşyp, 2-nji gezek garşydaşyndan üstün çykdy. Iki boksçynyň arasyndaky 2018-nji ýylda geçirilern 1-nji duşuşyk deňlikde tamamlanypdy. 2020-nji ýyldaky 2-nji duşuşykda Fýuri 7-nji raundda nokaut bilen ýeňiş gazanypdy.

33 ýaşyndaky Fýuri 32-nji duşuşygynda 31-nji ýeňşini gazandy (22-nji nokaut). Ýeňlişsiz karýerasyny dowam etdirýän Fýuriniň bir deňme-deňligi bar.

35 ýaşyndaky Waýlder 45 duşuşygynda 2-nji gezek ýeňildi. Ikisinde Fýuriden asgyn gelen Waýlderiň 41-si nokaut bilen jemi 42 ýeňşi bar.

Fýuriniň mundan soň Entoni Joşua bilen tutluşmagyna garaşylýar.